Amangeldi Babaýew / Unutman seni (goşgy)

Eýelediň, gülüm, juwan kalbymy,
Seň giden ýoluňa umytly bakýan,
Aýdyp bilmän saňa ýürek zarymy,
Şol aýralyk, meniň bagrymy ýakýan.


Sensiz durmuşymyň ýitdi manysy,
Öý-işikli ene-ata bolsak-da.
Ynanaý hiç seni unudyp bilemok,
Ýatlamalar galýan eken gursakda.


(Aý aýlanyp ýyllar etse-de öwrüm,
Duýgularym ýatladyp dur sen hakda.
Sönmedik söýgüden galan uçgunlar,
Häzirem tutaşýar bu dar gursakda)


Seni ýatlamany gezip bilemok,
Haýran galýan soňky günler özüme.
Sen üçin iki söz, men üçin ömür,
Ömrümi bagş etjek seň şol sözüňe.


Ömrüm soňlanýança söýerin seni,
Gijelerne ýatlap ýetýärin daňa.
Söýgi ummanynda gark bolup barýan,
Halasgärim — sensiň, düşünäý maňa.

Söýgüden bagtyny gözläp hemişe,
Ykbaly keç bolup, ot alsa şahyr,
Aýralyk hasraty düşäýse başa,
Onsoň nädip goşgy ýazmasyn ahyr.


Söýgimi syr edip gizledim, gezdim,
Deň-duş, dostlaryma aýan etmedim.
Senli günleň arzuwyny edipdim,
Arman boldy, arzuwlaryma ýetmedim.


Dilegim: her işiň bolsun ugruna,
Gaýgy-hasrat çekme, solmasyn ýüzüň.
Bagt saňa giňden gujagyn açsyn,
Ajy gözýaşlary dökmesin gözüň.


Ýazan goşgym saňa sowgadym bolsun,
Setirlerni okap ýatlarsyň meni.
Ýüregimiň töründe saklap adyňy,
Unudyp bilmedim, unutman seni.
7.09.2022

Ответить