Anna güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 17 838 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 17 838 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Anna güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan, Türkiýe, Özbegistan döwletleriň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TS-1” kysymly awiakerosini hem-de “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 17 838 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Ответить