AŞYRMÄT GARLY / JELALEDDIN (poema) /  Ant

Ant

Yzda namys,

                   arman,

köýen ar…

                                               hem-de

Gürgenç atly tozdurylan Watan bar.

Öwrülmek şertini galdyran

                                      öňde

Çingiz diýlen

                   juda ýowuz tatar bar.

Oň ýüregi atyň kellesi ýaly,

agyr-agyr söweşlerde synalan.

Ýöne,

         hökman

                   bolar bellisi häli,

enesini bakdyraryn dula men.

Ответить