AŞYRMÄT GARLY / JELALEDDIN (poema) / Seda
Seda
Sary sähranyň ýüzüni
duman örtende,
örtenme.
Bilýän, ol uzak düşlemez,
eziz ýaýlaň gerdeninde!
Peýwagtyna hiňlenende,
keýpi juda kök padyman.
Ýadyňa düşmezem,
şonda,
gyş munda bolany duman.
Şoň üçin
giň tut göwnüňi,
her zadyňam öz wagty bar.
Bir zat diňledýä böwrüňi:
hany bu ömre ygtybar?!
Bir gün
il bagta beslener,
tireler döner maşgala.
Eşidilmez ýagy seslerem
hem kalby gyýmaz başga zat.
Ile baş gerek edenli,
soň ykbal jylaw süýremez.
Ruhundan şehit pederleň,
erkinlik güllär,
mizemez!!!
4-7.12.1997ý.