AŞYRMÄT GARLY / JELALEDDIN (poema) /  Ýolda

Ýolda

Bu pursatda

                   däl men tagtyň yşgynda,

biarlykda ýaşamakdan ýadadym.

Atamyň didaryn gördüm

                                      (guş gonmaz

köşgünde däl),

                   dertli halda,

                                      adada.

Ýüregim gyýylýar:        

                            doganlarymyň

derejesinden pes geldi üşügi.

Ýogsa, olar düşbi bolanlygynda,

gurnap ýörmezdiler dildüwüşigi.

Ýok,

         bu halda biz ýeňişe ýetmeris.

Şowsuz bor söweşi

                            meýdanlaryňam.

Çünki,

duşman juda mekir,

                            betnebis.

Olar bu ýagdaýdan peýdalanarlar.

…Gazna goşun toplamaga barýaryn.

Şu bagt öz ýurdumda bolanlygynda…

…Itleň agzy gurdy görse birigýär.

So-oň,

         şeýle bolupdyr doganlarym-da.

«Men-menligi» ýeňşi bilen sepleşip,

Şöhratyndan gapylypdyr gözleri…

Allaň penasynda, toplap köp goşun,

Ar alýançam netimden el üzmerin.

Meniň ýüregimiň dilinen ýeri:

nämüçin,

         Çingizden asgyn perişdäm?!

Baýlyga imrinip,

                             inilerimiň

Tagta dalaş etmekligi

                                     geň iş däl.

Düşünýän:

                   şa nesli bolmajagyna,

Iru-giç tagt hyýalyna münmese.

Olar

         düşünenok soňlanjagyna

ömürlerniň,

                   her kim ornun bilmese.

(dowamy bar)

Ответить