Стандартное изображение

Serdar Orazdurdyyev

Türkmen wekiliýeti Helsinki şäherine iş saparyny amala aşyrdy

2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Helsinki şäheriniň EastCham Finland binasynda «Finnish Water Forum», «Watermaster», «Wärtsilä», «Agronic Oy», «Reorbit»,  Fin Meteorologiýa instituty ýaly öňdebaryjy maliýe kompaniýalarynyň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Çärede türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, fin tarapyna…

Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi

Düýn – 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berildi. Duşuşygyň barşynda…

Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Koýan şäherinde geçirilen akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde üç sylag bilen sylaglandy.

Düýn – 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Koýan şäherinde geçirilen akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde üç sylag bilen sylaglandy. Sergide dürli ugurlarda tapawutlanan ýerli we daşary ýurt şäherleri, şeýle hem kompaniýalary ýokary sylaglara eýe…

«Asuda akym» hojalyk jemgyýeti «Şir ýag» hil nyşanly mineral we sintetiki ýaglaryny öndürýän önümçiligi esaslandyrdy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň «Abadan» obasynda dünýäniň iň ösen döwletleriniň kämil enjamlary ornaşdyrylan awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin niýetlenen, «Şir ýag» hil nyşanly mineral we sintetiki ýaglaryny…

Anna güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 17 838 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 17 838 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Anna güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan,…

Aşgabatda “Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti” atly ylmy-amaly maslahat 20-nji sentýabrda geçiriler

“Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti” atly ylmy-amaly maslahat 20-nji sentýabrda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi web saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, düýn – 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar…

ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze bellenilen Ilçisi işiniň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda ýakynda täze bellenilen Ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze toplumynda özüniň ilkinji metbugat-maslahatyny geçiridi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi web saýtynda habar berildi. Diplomat žurnalistler bilen duşuşygyň dowamynda täze wezipede alyp barjak işiniň…

BMG-niň OHCHR-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda…

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Düýn – 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen…

BAE-de Türkmenistan bilen Täjigistanyň Ilçileri söwda, maýa goýum we energiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri babatda pikir alyşdy

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Serdarmammet Garajaýew, Täjigistan Respublikasynyň Birleşen Arap Emirliklerindäki täze bellenen Ilçisi jenap Aşrafjon Gulow bilen Türkmenistanyň Ilçihanasynda hoşamaýlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň oňyn ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, iki tarap hem dürli…