Berdinazar Döwletow / Watan (goşgy)

Aý, Gün bolup lowurdaýar, bezeg Dünýä kartasynda,

Beýik şöhraty görünýär şu gününde, ertesinde,

Tanymaldyr bedew aty, nebit-gazy, pagtasy-da,

Rowaçlanýar Watanmyzyň belentden-belent işleri.

Arkadaga alkyş aýdýar döwrüň bagtyýar ýaşlary.

Gözelleri sypaýydyr, är ýigitleň ar-namysy,

“Zülpüň” tarypyn ýetirlen molla Keminäň namasy,

Edep-terbiýä ýugrupdyr garry enedir-mamasy,

Türkmen gelin-gyzlarynyň näzikligi, görki Watan.

Watanlaryň içinde sen,

                                    sen iň beýgi,

berki Watan!

Buýsanar bedew atyna gapysynda kişňäninde,

Myhmanyna hormaty bar giň töründe düşläninde,

Ölenin ýeg görer topragyn bir pursat taşlanyndan.

Mertlik bolar soňky demde ýatyrkaň-da diýseň “Watan!”

Şondan özge mertlik barmy kim görüpdir hem-de haçan?!

Üstünligi hemra edip, maksat goýup geljegine,

Milli haly sugatyň hem aýan Dünýäň künjegine,

Eziz Watan sähralaryň ylham geçen-geljegime,

Ornuň seniň – başda täjim, gujur hem gaýratym Watan,

Seniň bilen öňe barýan, sen dälmi şöhratym Watan!

Ответить