Рубрика Dünýäde

«Amazon» Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetine 8 milliard funt sterling maýa goýar.

«Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar bermegine görä, «Amazon» Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetine 8 milliard funt sterling maýa goýar. Bu uly mukdardaky maýa goýum «Amazon Web Services» (AWS) serişdeleriniň bulut infrastrukturasyna we emeli aň pudagyna gönükdiriler. Beýik Britaniýanyň maliýe ministri…

Читать далее

«PepsiCo» kompaniýasy Gazagystanda ýeralmadan çipsi öndürýän täze zawod gurmak üçin 160 million amerikan dollar maýa goýar

«PepsiCo» kompaniýasy Gazagystanda ýeralmadan çipsi öndürýän täze zawod gurmak üçin, 160 million amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Kazakh Invest» neşiriniň täzeliklerine salgylanyp, «Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar berdi. Täze zawod ýurtda täze iş orunlarynyň döredilmegine…

Читать далее

«Redmi Note» seriýasyna degişli smartfonlaryň 420 milliondan gowragynyň satylandygy mälim edildi.

«Redmi» hytaý brendi şu wagta çenli «Redmi Note» seriýasyna degişli smartfonlaryň 420 milliondan gowragynyň satylandygyny mälim etdi. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi. 13-nji sentýabrda özüniň on ýyllygyny bellän bu brend şu aýyň dowamynda täze önümi…

Читать далее

Türkiýäniň oba hojalyk eksportynyň umumy bahasy soňky bir ýylda 36 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy.

«Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkiýäniň eksport eden oba hojalyk önümleriniň umumy bahasy 23 milliard 176 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,5…

Читать далее

2024-nji ýylda «Changan Automobile» kompaniýasynyň öndürýän ulaglarynyň ortaça bahasy 575 amerikan dollary möçberinde gymmatlap, 8 müň 150 amerikan dollaryna deň boldy.

«Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar bermegine görä, «Changan Automobile» kompaniýasy şu ýylyň başynda uly meşhurlyk gazanyp ugrady. Has takygy, ol ýylyň başyndan bäri, 1,7 milliona golaý awtoulag satdy. Kompaniýanyň birinji ýarymýyllygynyň jemleri barada yglan eden hasabatynda onuň girdejisiniň…

Читать далее

Hytaýyň Nankin şäherinde «Szýansu — Merkezi Aziýa» söwda merkezi açyldy.

«Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar bermegine görä, Hytaýyň Nankin şäherinde «Szýansu — Merkezi Aziýa» söwda merkezi açyldy. Bu söwda merkezi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kompaniýalary üçin köp ugurly platforma bolup hyzmat eder. Merkeziň açylyş dabarasyna gelen myhmanlar Gazagystanyň, Özbegistanyň,…

Читать далее

Hytaý 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda 9 milliard amerikan dollarlyk agajy we agaç önümlerini eksport etdi

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Hytaý agajyň we agaçdan ýasalan önümleriň 9 milliard amerikan dollarlygyny eksport edip, bu ugurda dünýäniň lideri boldy diýip, «Biznes reklama» gazeti şu günki sanynda «myfin.by» portalynyň täzeliklerine salgylanyp habar berdi. Çeşmäniň ýazmagyna görä, sanawda…

Читать далее

Eýranyň oba hojalyk önümleriniň eksportyndan 5 aýda gazanan girdejisi 1 milliard 453 million amerikan dollaryna deň boldy

Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň 5 aýynda (20-nji martdan 21-nji awgusta çenli) ýurduň oba hojalyk önümlerinden gazanan girdejisi 1 milliard 453 million amerikan dollaryna deň boldy. Hasabat döwründe Eýranyň oba hojalyk önümleriniň eksportynyň umumy mukdary 2 million 226 müň tonnadan…

Читать далее

2024-nji ýylyň awgust aýynda Koreýa Respublikasynyň eksporty 11,4 göterim ýokarlanyp, 57,9 milliard amerikan dollaryna deň boldy

2024-nji ýylyň awgust aýynda Koreýa Respublikasynyň eksporty 11,4 göterim ýokarlanyp, 57,9 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada “Biznes reklama” gazetiniň şu günki sanynda habar berildi. Koreýa Respublikasy geçen aýda hem eksportyny görnetin artdyrmagy başardy. Şeýle ýagdaý indi bassyr 11…

Читать далее