Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy türkmen-eýran hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berer

Düýn – 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň  Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde giňişleýin düzümde dowam eden ikitaraplaýyn gepleşiklerde taraplaryň pikirine görä, elektroenergetika pudagy hem özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berýär. Bu ugurda bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesi toplandy. Biz elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek ugrunda tagalla edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu babatda möhüm taslama bolan Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň ähmiýetini belledi. Güýjenmesi 500/400 kilowolta barabar bolan bu elektrik geçiriji Mary şäherinden başlap, Sarahsa we ol ýerden türkmen-eýran serhedine çenli uzalar. Onuň türkmen-eýran serhedine çenli uzynlygy 155 kilometre deň bolar.

Ответить