Türkiýäniň ussat halypa ýazyjysy Ataman KALEBOZAN / Düýş (hekaýa)

Düýş

(hekaýa)

        Her säher oýananynda düýşünde näme görendigini ýadyna saljak bolardy. Başujundaky düýş ýorgutlary kitabyny alyp, gören düýşleriniň näme many berýändigine serederdi. Gije düýşünde bir lagşan öýi oňaryp, ýaňy içine göçüp ýaşap başlanynda kimdir biri ony öýden çykarypdy. Düýş ýorgutlary kitabynda «Öýde bolmak rahatlykdyr, ynamdyr» diýip ýazylgydy. Diýmek, öýden çykarylmak munuň tersine bolmaly.

         Keýpi gaçdy. Kitaby halynyň üstüne atdy. Sahypalary açylgy halda ýere düşdi. Ol bu düýşlerden-de halys ýadady. Her gije, her gije … Hudaý gorasyn, bu nämäniň alamaty?

         Hammamda sakgalyndan akýan damjalary süpüren wagty, bagdaky güllere sereden wagty, telewizoryň öňünde şekersiz çaýyny içen wagty, halynyň üstüne zibil bölejiklerini çöplän wagty  gören düýşi we ýorgudy hakda oýlandy. Merhum aýaly onuň bu halyny görüp nädip gülümsiräp bilsin. Ol bu hakda oýlandy-da oturan ýerinden turdy.

         Kararyny berdi. Ony öýden kowmak isleýänlere garşy göreşmelidi. Göreşmek üçin bolsa, özüni ele alyp dogumlandy. Ol ýatylýan otaga gitdi. Tumboçkanyň üstündäki gülümseýän çarçuwany aldy.Köýneginiň ýeňi bilen çarçuwanyň aýnasyny aýalynyň ýaňaklaryny ogşaýan ýaly süpürdi. Üfläp süpürip ýalpyldatdy. Soňra çarçuwa gowşak barmaklarynyň arasyndan taýyp ýere düşdi. Aýnasy döwüldi. Döwülen aýna bölekleriniň arasyndan aýalynyň suratyny aljak bolanda barmagy kesildi. Bir damja gany suratyň ýüzüne damdy. Surat hapalanar diýip, ony derrew galdyranynda gan damjasy gül ýaňaklardan edil gynanýan süzüldi we terligine[1] damdy.

         Şol wagtda jaň kakyldy. Suraty dessine jaketiniň içki jübüsine saldy. Tüýlükleri sökülip ugran terliklerini süýräp ýöräp gapa tarap ýöneldi.

         Gapyny açanda, oglunyň we agtygynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny gördi. Hemişe bolşy ýaly, bu gezegem gelni ýokdy.

         Oglunyň özüni alyp barşy etmeli zadyny dessine edip, gyssagy bilen bu ýerden uzaklaşmak isleýän ýalydy. Ol: «Salawmaleýkim, kaka!» diýip, usullyk bilen onuň elini öpdi.

         Agtygy bosagadan:

        – Ata seret, kakam maňa beýsbol taýagyny aldy.  Seni täze öýüňe ýerleşdirenimizden soň, menem ejem we kakam bilen beýsbol oýnamaga gidýärin. Ata, senem dostlaryň bilen oýna, bolýarmy? Men täze öýüňi gördüm, otaýdakylaryň hemmesi Siziň ýaşyňyzdaky adamlar.

Agtygynyň bu sözlerine ýaşulynyň egni gysyldy.

  – Taýýarmyň, kaka?

  Başyny sallady. Derisi pide bolup ugran, mata bölegi süzülip sapaklary daşyna çykyp duran terliklerini çykardy. Aýalyndan iň soňky sowgat bolansoň, ony seresaplylyk bilen diwaryň düýbündäki hemişeki ýerinde goýdy. Köwüşini eline alyp, bosaga çykardy. Gapynyň iç ýüzünde  uzak wagtdan bäri taýyn duran we özüniň-de taýyn bolmagyna garaşyp duran köne çemodanyny aldy. Köwşüni bosagada geýdi. Gapyny iki gezek gulplady. Köwşüni daşarda geýdi. Gapyny iki gezek gulplady. Gulplap-gulplanmadygyny barlady. Ogly çemodany götermek islese-de, bermedi. Ol bagyndandaky gül agajynyň töwereginde aýlanyp, günüň çoguna ysgyndan gaçan  pişige seretdi. Pişik oňa ýylgyrýan ýaly göründi. «Aç, suwsuz galarmy? Oňa sereden biri bolarmy, bolmazmy?» – diýip oýlandy. Birdenem perdeleri açyp goýandygy ýadyna düşdi. Kitabyň sahypalary-da açyk galypdy, ony ýapyp goýmagy hem ýatdan çykarypdy. Yzyna dolanjak ýaly boldy.

Agtygy:

      – Ýör, ata, beýsbola gijä galýaryn – diýip elini çekeledi.

Yzyna öwrülip, ​​öýüne soňky gezek seretdi.  Indi oňa düýşlerini ýormak hökman däldi.

Hekaýany türk dilinden türkmen dilinde terjime eden Toýly Jänädow.


[1] Terlik – türklerde öýüň içinde geýilýän aýakgap.

Ответить