Türkmen kinosynyň Aýna keşbini ýerine ýetiriji 75 ýaşady.

Şu gün meşhur kinoaktrisa, balet tansçysy, mugallym, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Russiýa Federasiýasynyň sungatda at gazanan işgäri, professor Žanna Leonidowna Smelýanskaýa 75 ýaşyny doldurdy.

Alty Garlyýewiň «Aýgytly ädim» filmindäki Aýnanyň keşbi bilen giň tomaşaçylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan Žanna Leonidowna bu keşp üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy.

Onuň özi hem ykbalynda bu filmiň we režissýor Alty Garlyýewiň yzyny ýakym bilen ýatlaýar.

Žanna Smelýanskaýa ertir Moskwa şäherinde başlanjak VI halkara sungat festiwalynyň açylyş dabarasynyň hem hormatly myhmany bolar. Dabarada Nury Halmämmedowyň bu filmde ýaňlanan eserleri hem ýerine ýetiriler.

Çeşme: TP

Ответить