Türkmenistan bilen Eýran ýük gatnawlarynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär

Düýn – 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň  Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde giňişleýin düzümde dowam eden ikitaraplaýyn gepleşiklerde taraplaryň belleýişleri ýaly, ulag ulgamy hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ulaglar babatda Eýran bilen özara hereketleri pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Hususan-da, ýük gatnawlarynyň artdyrylmagy möhüm wezipe bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýurtlarymyzyň awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyň gowy tejribesini toplandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň maýynda Eýrana bolan resmi saparynyň dowamynda türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli awtomobil ýoluny gurmak barada ylalaşygyň gazanylandygyna üns çekildi. Uzynlygy 242 kilometre deň bolan bu ýoluň gurluşygyna eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagy teklip edildi. Geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda agzalan awtomobil ýoluny gurmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy demir we awtomobil ýollary arkaly ikitaraplaýyn ýük gatnawlaryny artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz “Sarahs” we “Inçeburun” demir ýol geçiriş nokatlaryndan geçýän harytlaryň möçberini köpeltmegi teklip edip, ýurdumyzyň bu ugurda eýran tarapy bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklady. Milli Liderimiz häzirki wagtda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň işjeňligini ýokarlandyrmak we bu ugur boýunça geçýän awtomobil ýoly arkaly ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, üçtaraplaýyn esasda işlemegi teklip etdi. Bu hereketleri amala aşyrmak üçin ýurtlarymyzyň kompaniýalaryny işe çekmek ýerlikli bolar diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekip, Ermenistan — Eýran — Türkmenistan — Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak babatda tekliplerini beýan etdi. Şeýle-de taraplar ýokarda agzalan strategik taýdan ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly işleri has-da berkitmek üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň işini güýçlendirmegiň maksadalaýykdygyna ünsi çekdiler.

Ответить