«Ýylyň parlak ýyldyzy» aýdymçy ýaşlaryň arasynda başlady

Her ýylda bolşy ýaly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde Türkmenistanyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşik yglan edilýär.

Türkmenistanda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigi geçirmegiň tertibine, oňa gatnaşmagyň düzgünlerine laýyklykda, bäsleşik ýylyň dowamynda geçirilýär. Bäsleşige 17 — 35 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilýärler.

Birinji tapgyr: Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden döwlet we iri-medeni çärelere işjeň gatnaşyp, «Türkmen owazy» teleradioýaýlymyna ýylyň dowamynda gelen hatlar we sms seslenmeler arkaly saýlanan, halkyň söýgüsini gazanmagy başaran ýaş zehinli aýdymçylaryň emin agzalarynyň saýlamagynda iň köp ses alan 30 sanysy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Ikinji tapgyr: Emin agzalar tarapyndan iň köp ses alan 30 sany ýaş estrada aýdymçylaryň aýdymlary diňlenip, olaryň iň ezberleri saýlanyp alnar.

Saýlanan 20 aýdymçynyň aýdymlary «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma berler we tomaşaçylardyr diňleýjilerden gelýän sms seslenmelerine esaslanyp, şolaryň içinden iň köp ses alan 10 (on) sanysy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Bäsleşigiň birinji tapgyry 2021-nji ýylyň dekabry aýynyň 1 — 5-i aralygynda, ikinji tapgyry 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 10 — 15-i aralygynda, jemleýji tapgyry bolsa 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 15 — 20-si aralygynda geçiriler.

Ответить